TMFUTBOL Live › Habarlar › Köne «Wembli» ýitmändir: onuň galyndylary indi seýilgähde
10 oktýabr 2026 · Habar

82 müň janköýeri sygdyran meşhur stadion ýykylandan bäri 20 ýyldan gowrak wagt geçdi. Emma onuň bölekleri henizem Londonda, özem ýöne bir ýerde däl, töpeleriň içinde!
Köne «Wembli» Angliýa futbolynyň öýüdi bolupdy. Ol 1923-nji ýylda guruldy we 77 ýyl durdy. Bu ýerde Angliýanyň ýygyndysynyň duşuşyklary, FA kubogynyň finallary, pleý-off oýunlary we konsertler geçirilýärdi.
Soňky duşuşyklar bu stadionda 2000-nji ýylda oýnaldy. Täze «Wembli» bolsa diňe ýedi ýyldan soň açyldy.
Iň gyzykly ýeri şu: köne stadionyň döwükleri zir-zibile gitmändir. Mirror Football habaryna görä, olar Londonyň demirgazyk-günbatar böleginden golaýdaky Iling etrabyna äkidilip, Northala Fields seýilgähinde töpeleri gurmak üçin ulanyldy.
Seýilgäh 2008-nji ýylda, täze stadiondan bir ýyl soň açyldy. Her töpe üç basgançakdan ybarat, olaryň depesine çykyp, töweregi synlap bolýar. Mundan başga-da, ol ýerde balyk tutulýan köller, kafe we çagalar meýdançasy bar.
Yerli ýaşaýjylaryň köpüsi bu töpelere çykanda, Angliýa futbolynyň taryhynyň üstünden ýöräp barýandyklaryny bilmeýän bolmagy ahmal.
Köne «Wembli» diýlende, köp janköýeriň ýadyna ilki bilen girelgedäki meşhur ekiz diňler düşýär. Indi bolsa şol stadiona «gaýdyp barmak» üçin, onuň köne ýerinden A40 ýoly boýunça gysga syýahat etmek ýeterlik.
Bilýärsiňizmi? Seýilgähiň ady Northolt sebitiniň orta asyr ýazylyşyndan gelýär diýilýär: 1086-njy ýylyň meşhur «Domsdeý kitabynda» ol «Northala» diýip ýazylypdyr.
Çeşmeler: mirror.co.uk
UEFA Çempionlar LigasyAFK Çempionlar Ligasy IkiIspan La LigasyIňlis Premýer LigasyReal MadridBarselonaArkadagAhalMançester SitiLiwerpul
Android programmasyny ýükle Programmada aç