TMFUTBOL Live › Habarlar › Eýelik futboly ölýärmi? APL-de topsuz ýeňýärler
16 oktýabr 2026 · Habar

Daily Mail habaryna görä, geçen möwsümde APL-de ýeňen toparlaryň topa ortaça eýeligi Opta hasaplap başlaly bäri (2003/04) ilkinji gezek 50 göterimden aşak düşdi, bu möwsüm bolsa ol has-da peseldi.
2015-nji ýylda Gwardiola topa 100 göterim eýelik etmegi arzuw edipdi. Indi Angliýada tersine oýnaýarlar.
Bu möwsüm topa 60 göterim eýelik edýän toparlar duşuşyklaryň diňe 35 göteriminde ýeňýär, 2023/24-de bu görkeziji 54 göterimdi. «Kowentri» topa bary-ýogy 33 göterim eýelik edip, «Nýukasly» agyr ýeňlişe sezewar etdi. «Çelsi» bolsa 26 göterim eýelik bilen «Braýtony» ýeňdi.
Iň aýdyň mysal ligada täze çykan «Hull». Topa eýelik boýunça ligada iň soňky orunda (32%), ýöne tablisada sekizinji. «Mançester Ýunaýtedi» ýeňdi, «Çelsi» bilen bolsa deňme-deň oýnady. Syry çalt hüjümlerde: Opta-nyň maglumatyna görä, bu möwsüm çalt hüjümler we olardan geçirilen pökgüler boýunça rekord möwsüm.
Bilýärsiňizmi? 2023/24-de bir toparyň topa 70 göterimden köp eýelik eden duşuşyklary 66 sany bolupdy, geçen möwsüm bolsa beýle duşuşyk bary-ýogy 19 boldy we olaryň diňe altysynda şol topar ýeňdi.
Çeşmeler: dailymail.com
UEFA Çempionlar LigasyAFK Çempionlar Ligasy IkiIspan La LigasyIňlis Premýer LigasyReal MadridBarselonaArkadagAhalMançester SitiLiwerpul
Android programmasyny ýükle Programmada aç