TMFUTBOL Live › Habarlar › Bekhem Infantino garşy? UEFA FIFA üçin täze ýolbaşçy gözleýär
18 oktýabr 2026 · Habar

UEFA 2027-nji ýylyň saýlawynda Jianni Infantino garşy dalaşgär gözleýär we 51 ýaşly Deýwid Bekhem FIFA-nyň prezidentligine mümkin dalaşgärleriň biri hökmünde görülýär.
Sky Sport Germany habaryna görä, Infantino garşy dalaşgäri UEFA we onuň KONKAKAF-daky ýaranlary bilelikde gözleýär.
Näme üçin Bekhem? Onuň adyny tutuş dünýä tanaýar, futbolda aragatnaşyklary köp, «Inter Maýami» klubunyň bilelikdäki eýesi bolany üçin dolandyryş tejribesi hem bar. Maliýe taýdan garaşsyzlygy hem onuň artykmaçlygy hasaplanýar.
Ýöne häzirlikçe Bekhem resmi taýdan dalaşgär görkezilmedi, onuň ady köpçülikleýin çekişmelerde seýrek agzalýar. Şeýle-de bolsa, funksionerleriň arasynda teklip edilse, onuň razy boljakdygy barada myş-myşlar ýaýrap ýör. UEFA-nyň prezidenti Aleksandr Çeferin we KONKAKAF-yň başlygy Wiktor Montalýani saýlawa gatnaşmajakdyklaryny eýýäm aýtdylar. Mümkin dalaşgärleriň arasynda «Arsenalyň» öňki tälimçisi Arsen Wenger hem agzalýar.
Bilýärsiňizmi? Bekhem korrupsiýa dawalary sebäpli FIFA-ny 2015-nji ýylyň özünde açyk tankyt edipdi.
Çeşmeler: sports.ru; sport-express.ru
UEFA Çempionlar LigasyAFK Çempionlar Ligasy IkiIspan La LigasyIňlis Premýer LigasyReal MadridBarselonaArkadagAhalMançester SitiLiwerpul
Android programmasyny ýükle Programmada aç