TMFUTBOL Live › Habarlar › Antoni meýdançadaka öýüne ogry girdi: «Maşgalamdan gymmatly zat ýok»
15 oktýabr 2026 · Habar

Betisiň hüjümçisi Antoni Çempionlar ligasynda Porto bilen 3:2 hasaply duşuşykda 90 minut oýnan wagty onuň öýüne ogrular girdi.
Çarşenbe agşamy Betis öz meýdançasynda Porto bilen duşuşdy. Antoni tutuş oýny meýdançada geçirdi, şol wagt bolsa onuň öýüne ogrular girdi. Ajaýyp geçmeli agşam gaharly we gynançly agşama öwrüldi.
Futbolçy bu barada sosial ulgamda ýazdy. Onuň sözlerine görä, iň köp agyrdýan zat ýitirilen goş däl. Iň howpsuz bolmaly ýerde özüňi goragsyz duýmak has erbet. Ol iň söýýän adamlarynyň gözünde gorky we ynamsyzlyk görýändigini aýtdy.
Şeýle-de bolsa, 26 ýaşly futbolçy ruhdan düşmeýär. Ýitirilen zatlaryň hemmesini yzyna gaýtaryp boljakdygyny, maşgalasynyň henizem bilelikdedigini we arzuwlarynyň entek dirídigini ýazdy.
Çeşmeler: sports.ru; matchtv.ru; sport-express.ru
UEFA Çempionlar LigasyAFK Çempionlar Ligasy IkiIspan La LigasyIňlis Premýer LigasyReal MadridBarselonaArkadagAhalMançester SitiLiwerpul
Android programmasyny ýükle Programmada aç